Ahal welaýatynyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny welaýatyň şäher içidir etrap aralygy ugurlar boýunça gatnatmak üçin niýetlenen döwrebap ýolagçy awtobuslary hereket edýär. Şeýle-de, dürli ýyllarda satyn alnan ýük awtoulaglary önümçilik kärhanalarynyň we raýatlaryň sargytlary esasynda dürli görnüşdäki we göwrümdäki ýükleri daşamaga ýardam berýärler.
Birleşige degişli bolan ulaglaryň hyzmatlaryndan peýdalanmaga isleg bildirýän raýatlar, müşderiler kärhananyň Awtoulaglary ulanyş bölümine ýüz tutup, özlerine gerekli ulagy islendik wagt sargyt edip bilýärler. Sargyt üçin tölegler ýüküň möçberine, adam sanyna we barmaly menziliniň uzaklygyna görä, Ykdysadyýet we maliýe bölüminiň hasaplamalary esasynda nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär.
“Ahalawtoulag” önümçilik birleşiginiň hödürleýän hyzmatlaryndan peýdalanjak raýatlarymyz şu salgy boýunça habarlaşyp, özlerine gerekli ulaglary sargyt edip bilerler:
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň A.Annanyýazow köçesiniň 48-nji jaýy