Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine degişli bolan «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň we onuň garamagyndaky kärhanalaryň ýerine ýetirýän hyzmatlaryna edilýän talap gün saýyn artýar. Ahal welaýatynda ýerleşýän «Ahalawtoulag» önümçilik birleşiginde hem döwrüň talabyna laýyk gelýän işler alnyp barylýar.
Birleşik döredilen gününden bäri ilata ýolagçy we ýük gatnaw hyzmatlary yzygiderli hödürlenip, müşderileriň islegleri kanagatlandyrylýar. Kärhananyň köp ýyllyk baý tejribesinde raýatlara sürüjileriň medeniýetli hyzmat etmegi bilen işler has kämilleşdirildi. Şonuň esasynda bolsa awtoulag kysymlary hem-de olary sany bilen baglylykda düýpli özgertmeler amala aşyryldy.
"Ahalawtoulag" önümçilik birleşiginiň esasy wezipesi ýolagçy gatnatmak we ýükleri daşamakdan ybarat bolup, birleşige degişli bolan ýolagçy ulaglary bilen birlikde ýük daşaýan ulaglar hem gije-gündiziň dowamynda hyzmat edýärler.
Häzirki wagtda kärhananyň ulaglar düzüminde ýolagçy gatnatmaga niýetlenen awtobuslaryň “Volkswagen”, “Hyundai New Super Aero City”, “Iran-Hodro O457”, “Paz-32054” kysymlary, şeýle-de ýük awtoulaglarynyň “Kamaz-6520”, “Kamaz-65115”, “Kamaz-65117”, “Mersedes Benz 1843”, “Ural 63685”, “Zil-MMZ”, “Zil-130-80” kysymlary hereket edýär.